Nowbahar daşary ýurt

Ayjemal Gurbanova
8 min readFeb 24, 2023
Kremlin

Pul bagt getirmez, hemme zady çözmez diýýänler ýaprak iýipdirler. Ol gönümel getirmese-de, parallel sebäpkär bolýar. Esasy zat oň yşkyna düşmezlik, ony eliň kiri hökmünde ulanmaklyk; köpeliberse ýoklamaklyk. Puluň getirýän bagtynyň biri hem halkara duralgalarda düşlemek üçin ýoldaş bolmagy, azar-minnetsiz; seň diýeniň bilen bolýan, aýakdaş ýoldaş. Adamlar daşary ýurda çykyp aýlanýarlar, iş-syýahat-okuw-söwda niýeti bilen gatnaýarlar, ýoldaşlary gowy çünki.

Men 24 ýaşymyň içinde öz watanymdan gaýra ýurda aýak basyp görmedim. Käte öz-özüm pikire batyp galýardym; başga topraklary görmän çüýräp ölüp gidäýermikäm…

Telewizordan we internet torundan dünýäň ähli künjegine baryp geldim, dillerini öwrendim, medeniýetlerine aralaşdym, emma hiç haçan olaryň yslaryny alyp bilmedim. Hawa, meniň ys alyş ýatkeşligim beýleki ukyplarymdan has üstündir. Täze eşigi, çöregi, mesgäni, şokolad-kökäniň hilini ysyndan anyklap bilerin. Hat-da adamlaryň şahsy ysyndan (muň içine agyz ysy hem girýär); statusyny, ýaşaýyş stilini, haýsy gatlakdandygyny (käwagt haýsy işde näme bilen meşgullanýanyny hem) tapawutlandyryp bilerin. Ýöne häzir esasy mowzugymyz ys barada däl :)

Uniwersiteti gutaranyma şu ýyl iki ýyl bolýar, bu diýmek — ähli zat ugruna bolsa diplomumy alyp bilýän, we okuwymy dowam etdirip bilýän. Täze ýyla Çärjewde giripdim (Ejemiň: ”Gitme hiç ýere, nirde täze ýyla girseň, şol ýerede äre barýarmyşyň” diýmegine garamazdan), şol gün oturyp “Essem-Pessem” sanawymy etdim. Olaryň birinjisi LASIK göz operasiýasyny etdirip, äýnekden meýletin jyda düşmek, ikinjisi bolsa islendik daşary ýurda çykyp görmek. 10 ýyl bäri dakynýan gözlüklerim bilen köp söýüşdik, bir-biregi ýitirşdik we pasyllary/örtük döwrüni bile sowduk. Indi aýralyk wagtydy. Bu barada aýratyn blog ýazaryn.

Ikinji arzuwymyň/dilegimiň hasyl bolan senesi 14-nji fewraldy. Ýanwarda biri gelip “Fewralda daşary ýurda uçýaň, özem Walentina gününde” diýselerdi, “Bar sürüp gel, münme gulaga!” diýerdim. Adam pahyr ejiz jandar, ertesiniň näme boljagyny bilmeýär.

Şu wagta çenli ýeterli gatanjymyň ýoklugy, we nesibe bolmadygy üçin çykyp görmedim. Enem-atamdan soramaga bolsa ynsabym çatmazdy. Okuwy gutaryp, halkara guramalarda we halkara mekdepde işläp, soňky kysym telefon we noutbook almak miýesser etdi. Maňlaýym şor däl eken, müň şükür, çykmagam nesip etdi. Birnäçe sebäpleriň içinde: öz saglygym, garyndaşymyzyň märekesi, we gysga möhletleýin tutorlyk teklibi bar.

Mekdepdäki işimden rugsat alanymda has hem saglyk ýagdaýyma agdyklyk etdim, sebäbi olaryň aňynda jogapkärsiz bolup janlanmak islemedim, olar asla meň ýaşaýan duýgylarymy bilip bilmezdiler…

Şeýlelik bilen uçma güni gelip çatdy. Ýörite alynan çemodana paty-putylarymy jemledim, resminamalarymy taýýarladym, aeroporta bardyk. Biznes klas eken petegim, men nirden bileýin, gymmat diýýän-le bolasy bahasy. Hemme ýerden geçip, ýokary garaşylýan otaga bardym. Welaýatlara gidilýän ýodadan düýpli başga ugurlar. Biznes klas üçin hemme zat aýratyn, ýörelýän ýodalar, geçelgeler, garaşylýan zal we garbanmaga odur-budurlar. Bizi çagyrdylar, uçara mündük. Men henizem ynanyp bilemokdum. Hamala bir düýş we men uýanyp bilmän iki ýana çabalanýan ýalydym. “Gonamsoň ynanjak” diýip özüm bilen jedelleşýärdim. We tigirler asmana galdy. Ýorgança, ak tapoçka, yzy ýany nahar berdiler. Gapdalyma honnamsy garaýagyz futbolista meňzeş biri oturdy. Kellä goýulýan ýassygyny gaçyrdym bilmän, eline “eto vashe” diýemde “ya znayu” diýip, gödek jogap berdi. “Bor-ow, nämä gerek şeýle nejis tarapyňy görkezmek. Bärde biri birinji syýahatyny amala aşyrýar, sen nämäň derdinde, bratok” diýip, iç gepletdim. We ýol boýy gürleşmän geldik.

Men agladym, men şükür edip agladym. Näçe şükür dogasy bolsa etdim. Zikr etdim, ýatdan bilýän atlaryny sanadym. Gapdalymdaka bildirtmejek bolup içimden hynçkyryp agladym, äpişgä bakyp boýur-boýur ýaş dökdüm. Her barýan kilometryma şükür etdim, şükür etdim, gudrata şükür etdim…Alhamdulillah!

Arada iki sagat bar, we biz 4,5 sagat uçupdyrys. Geň galan tarapym, Moskwa Domodedovo aeroporta baryp telefona seretsem, Moskwaň sagadyna awtomat öwrülipdir 23:10. Wisam 15-ne bolansoň 50 minut garaşdym. Ys…üýtgeşik ysy duýýardym, adatdan daşary. Bu Moskwaň ysy bolmaly. Adamlar geň galdyrmady, öz ýurdumdaky orslardan tapawutlary ýokdy, diňe geýnüwleri başgaçady. Sagat 12’den çala geçende ýola düşdüm. Bagažym maňa garaşyp duran eken. Daşary çyksam…şuffff sowuk howa ýüzümi çapdy. Bu ýerde Ýandeks kompaniýasy juda meşhur, hemmekim hemmeýerde hemmezatda ýandeksiň hyzmatlaryny ulanýan eken. Bizem Ýandeks Go taksisi bilen 1 sagat çemesi şäher merkeze ýetip, galjak myhmanhanama bardyk. Ýol uzak, şäher uly, seredere köp zat bar, emosiýalarymy saklap bilmedim. Däli diýseler diýipler geçsin. Gije 2:30’a ýerime geçip ýatdym, ýöne henizem men daşary ýurtdadygyma ynanyp bilemokdum. 3 gün gerek diýýäler adama öwrenişmäge.

Domodedowo aeroport

Ertesi oteliň ertirligine bardym, saýlara zat kän, adamlar aýlanyşyp ýör. Meň rusçam ol diýen öwerlikli bolmansoň, ýarpy iňlisçe garyp derdimi düşündirýärdim. Şwedskiý stol — et ugrundan tas hemmesi doňuz etinden taýýarlanan, galan etleri hem halalmy belli däl. Towuk sosiska, Ka:şa, miwe, hlopýa, ýumurtga we ş.m. bilen oňdum.

Ertirlik

Daşaryk aýlanmaga çykdym, ilkinji gezek metro münüp gördüm, töleginden baş çykarmamsoň birinji gezegimde täjik oglan özi töläp meň bilen gitdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adamlary kän bolansoň ol diýen ýadyrgamadym. We adamlaryň kömek etme isleglerine sarpa duýdum. Öz ugurlaryna ters gelse-de ugrukdyryp goýberýärdiler.

Nowoslowodskaýa köçe
Metroň giriş çykyş agzy
Çehowskaýa metro stansiýa
Herkim duralgasyna garaşýar, zenan sesi her duralgada “ýitiren zadyňyz bolsa maşinista habar beriň” diýýär

Birinji gidesim gelen ýer hem şol meşhur Kremlin, Mukaddes Wasiýliniň Ybadathanasy, gysgaça Gyzyl Meýdançady (Krasnaya Ploshad). Ys…täze yslary duýýan. Umumy Moskwaň ysy şularyň birleşmesi: Ybadathanalardaky ýakylýan özboluşly ysly şemler, tabak (çilim, vape shoplar we kalýanlardan çykýan garyşyk tüsseler), baget gara çörek, peýnir. Kremliniň ýanyndaky Leninyň mawzoleýi eýýäm birnäçe ýyl bäri zyýaratçylara ýapyk eken, nesibede ýok diýmek.

Mukaddes Wasiýliniň Ybadathanasy

Surata düşüp durkam Sajid atly bir hindi bilen tanyşdym, dost bolup gitdik. Elimde rubl bolmansoň ybadathana girip bilmedim (1000 ₽), ilki bilen pulumy öwürmelidim. Ýöne ertesi täzeden gidip aýlandyk. Ylahy sazlar, diwarlary köne rus şriftinde emellenen ýazgylar, suratlar, hekaýalar, gadymy söweş esbaplary we tapyndylary bilen bezelen owadan ýer eken. Ýörite erkeklerden durýan iki adamlyk sinhronny simfoniki aýdymçylar hem saz hem hiňleri bilen gelenleri beýhuş edýärdiler, ol ýeriň ruhuny duýup bilýärdik.

Birem, şu pullarynyň köp mukarly aýdylmagy, mende hamala uly söwda edýän ýaly täsir galdyrýar. Ýekeje kappuçino 150₽ bolsa, hamana men 150 manat berýän ýaly duýýan. Aslynda 20 manat çemesidi.

Töweregindäki suwenir dükanlardan ejeme Pawloposadskiý ýaglyk, joralaryma matruşka aldym. Daşyndan parklara (Gorkiý, WDNH) we bazarlara (DEPO, Danilowskiý Rynok, Ýerewan Plaza, Tulskiý Torgowy Sentr, Kiýewskiý wokzalyň ýanyndaky gipermarket) aýlandym. Howa juda sowuk, şemally garlar pytraşyp ýüzüňde ereýärdi. Gözümi goramaly bolanym üçin köplenç topbymy burnuma çenli çekip, gapdalymdakydan ýapyşyp ýöreýärdim.

Kapsula liftler (kiýewskaýa Wokzalyň garşysyndaky Gipermarket)

Reklamalardan tanaýan McDonald’s, Burger King, KFC zynjyrlaryna aýlanyp içip-içip gördüm. Ýöne ekologiki taýdan hiç arassa gaplar däldi, özem etleriň tagam-tajygy ýokdy. Bir rezzin ýada çozzum iýip oturan ýaly. Türkmeniň eti müň esse süýji, soňra story’my gören adamlaryň köpüsi Ýewropada-da, Kanada-da, Amerikada-da ýagdaýlaryň meňzeşdigini aýdyp zeýrendiler. Gynansak-da, ne muzeý, ne teatr, ne-de gallereýa girip görmek nesip etdi. Wagt juda çäklidi, görmeli ýer bolsa köpdi.

Tas şäheriň ähli ýerinde şeýle kurýerlere duş gelmek mümkindi
Sogan halkalary gowjady

Ýatlap biljegim soňky tejribämden biri bolsa Kauçsörfing’den myhman öýlerim. Ýewgeniý we Wladislaw meni gowy garşy aldylar, hersi şäheriň bir çetinde, başga şertlerde, aýra dünýäleriň adamlarydy. Herne ikisi hem ýaňra eken, gepimiz alyşyp gitdi. Men köplenç diňleýji bolýardym, çünki olaryň aýdara zady kändi. Ikisine-de türkmeniň mantysyny (kädili; çünki et süýji däldi) we palawyny bişirip berdim. Şapyrdadyp iýdiler.

Palawym elmydama gurak bolýar, munuň sebäbini ejemiň a:şa ýagly edip bişirýänliginden görýän. Ol-a daşyndan guýruk ýagam goşuberýärdi, atam ellerine palawy gysymlanda ýaglar barmak aralaryndan syzyp tabaga akardy. Men ýagçyl däldim, maşgalamam oňuşar-da.

Ol: “maňa az sal, gije kän iýmäýin gowsy” diýdi.

Ýewgeniý biznesmen, ol elitny skaýskreýperiň 48-nji gatynda ýaşaýar. Öýi mütdükgeje bolsa-da, oňaýly we zatlar eliň ýetip duran uzaklygyndady. Mantyň hamyryny bükme wagty gelende oklaw tapylmady, sagadam ýary gije, goňşydan sorabam bolýamýar. Birýerden çüýşe termos tapdy, şonuň bilen ýaýdyk, elbetde hamyr inçe bolmady, oňuşdyk. Kädisi beter süýji eken. Smetanaly ajaýyp gitdi. Ýewgeniýniň bary-ýogy 10 çemesi gezmedik ýurdy galypdyr. Aşhanasyndaky ýörite kartasynda giden ýerlerini reňkläp goýupdyr. Özi biznes dünýäsiniň inçe syrlaryny aýdyp berdi, Salesforce Management barada tejribe paýlaşdy. Iýenimiz siňýänçe çaý başynda gürrüň etdik, soň maňa diwany ýere ýazyp ýatmaga ýer taýýýarlap berdi-de, öz otagyna çekildi. Indi kellämi bir pikir ýatara goýman gorjaýar, birden dagy ýer titräýse men nädip aşak düşüp ýetişmelikäk?! Ynha şeýde-şeýde uka gitdim. Ertesi sagbollaşyp ýoluma rowana boldum.

Wladislaw bolsa has tehniki adam (ýagny meniň tersim); astronomiýa, geografiýa we matematika ugurlaryna çuňňur gyzyklanmasy bar. Indiki aý kosmosa sputnik rakteaň uçuşyny synlamak üçin ýörite Gazagystana barmagy planlaýar. Özi Aşgabadyň Büzmeýin daşlygynda ýaşaýar. Oňa metro, elektrik otly we ýarym sagat ýöriş ýol bilen ýetdim. 16-njy gat. Bu mamasynyň öýi bolansoň köneje, hakyt rus öýi, halyly diwarlar, töwerekde çyrmaşyk öý gülleri we köne şifonerler. Haçan görerkäm şeýle öýleri diýip ýördüm, alyň size gerek bolsa.

Öýüniň surata alynýandygyndan habarly*

Lyžada typmagy gowy görensoň menem typdyrasy geldi, ýöne pursat bolmady. Oňa palaw bişirip berdim. Ýene ýary gije taýyn boldy, az-owlak iýip çaý başynda gürrüňe gümra bolduk. Käbir adamlar tertipli, hemme zady ýerbe-ýer, minimalist we perfeksiýonist bolýar, Wlad şeýle. Hat-da göwnüme bolmasa, aýdýan sözlerinem saýlap, zaýalaman gürleýärdi. Iki myhman öýüm hem meň rusça gürläp bilýänimi aňansoň iňlisçe gürlejegem bolmadylar. Gowy praktika boldy.

Gaýtmankam töwerekdäki iň ýakyn saç bejerýän salona saçymy halaýan reňkime, syýa boýaga boýatdym we ýeňsämi deňletdim (erkekçe diýimi ýaly eşidilse-de, bu dogry. Çünki ýeňsäm gereginden artyk ösüp gelşigi gaçyrýardy.) Ulanýan reňk brendleri hem ESTEL. Aşgabatda gymmatbaha tölejegime, brendiň öz mekanynda amatly baha, ussatlaryň elinde deňletmetmek aýratyn honutlyk çaýýardy kalbyma…sowuk howalara garamazdan…

Ynha, bu hem meniň nowbahar syýahatymdy. Allah Size’de gezmek, görmek, keşt etmek nesip etsin!

24.02.2023

*nowbahar

[no:wbahar]

  1. Bahar, ýaz paslynyň başlanan döwri, täze bahar.
  2. Başdaky, ilkinji. (çeşme: enedili.com)

--

--