Monjuk gözlim

Ayjemal Gurbanova
8 min readDec 13, 2021
by SMeyd

Durmuşymda birnäçe zenan meni häzirki hal-ýagdaýyma gelmegime sebäpkär. Çür başdaky zenanyň saçy kümüşem däl; ap-ak. Bilkastlaýyn reňkledesi gelenok. Gözleri düýe ýüň rekinde, käte Garagum çägesiniň reňkini hem sorýar. Bolup geçýän hadysalaryň köpüsini içine atagan; gözýaş arkaly syrykdyryp çarh ýasaýan biri.

Dişini kän görkezesi gelmeýär, ýylgyranda-da dodagyny gyňaç kimin örtmek üçin ulanýar. “Illeriňki kofe zerarly bolsa, meňki saglygymdan” diýýär öçügsi sarymtyk dişleriniň ýarysyny utanjaň täze gelniň bakyşy dek görkezip. Köp keselleri arka atan bedeniň ujypsyz energiýasyny ýörişe, sporta sarp edip, agyry aýyryjy dermanyň wagtlaýyn goldawyny daýanç edinen zenan, bir ýarym salkym işleýän edarasyna ýörap gitmegi makul bilýär. Beýleki ýaşytdaşlary ýaly oňaýsyz, aýak gabardyjy, ýakym-ýaraşygy bolmaýan gara köwüşden sport aýakgabyna ýaňy-ýakynda geçdi. “Hözir eken-ä!” diýende göz almalarynyň balkyldaýyşy otagy ýagtyltdy.

1973-nji ýylyň tomsunda, Kerkide, 5 çagaň iň ulusy hökmünde doglan bu zenan öz inileridir uýalarynyň ýalňyşlary üçin taýak iýen nowbaharlardan. Zähmetli işleri elmydam öz boýnuna alyp, mal-garadan başlap bäbek ideginde-de oňa ynanylypdyr. Awasy (kakasy) hem 10 doganyň iň ulusy, ýagny maşgalabaşy bolansoň, onda-da gyzlaryň ýokary bilim almagyna garşy tarap hökmünde bilimiň has-da şirinlemegine sebäp bolupdyr. Elýetmez ýa gadagan zatlarda netije haýran galdyryjy bolup bilýär. “Öňler awam ýaman ynjyk adamdy. Irden mallary bejererdim (otlardym), mellekde işlärdim, awama günortanlyk taýýarlap, okuwa gijä galýanam bolsam saçagyny ýazyp, gatygyna çenli taýýar edip soň giderdim” diýip öz teatral başarnyklary bilen obraza girip aýdyp bererdi.

Onuň ady Akgül. Sada Akgül. Gyz jigisi Gözel ýaly jalaý, mekir, dogumly däl. Tebigatynda ýokdy. “Gözel meselem ýek halamaýan kişisi myhmançylyga gelse, gapyň bärsinde agzyna gelenin söger, ýyrylar, gargynar; gapydan içerik girende bolsa “Waý ekemjan geläýpdir-ä! Sizi nähili göresim gelip gitdi. Ýitip gitýoňyzaý! Janym ekem, geliň aýaklaryňyzy owkalap bereýin, ýadansyňyz” diýer girişip giderdi, men bolsa eňegimi sallap aňkaryp galardym” diýip bizi jak-jak güldürerdi.

Akgüle özbaşdaklyk kemlik edýär. Ol: “Enem (ejem) meni hat-da dükana kükürt almaga iberse, girmägä çekinip, daşyndan bir-iki gezek aýlanyp yzyma ýok eken diýip gelerdim. Bazarda 4 sagatlap aýlanyp hiç zat alman yzyma gaýdyp bilýärdim” diýýär we bizi geň galdyrmaga dowam edýär.

Mekdepde nemes dili häzirki iňlis diline derek geçilýärkä Akgül iň ökdelerinden biridi. “Meň Germaniýadan hat alyşýan dost-joralarym hem bardy. Olar meni häli-şindi okamaga çagyrardylar. Awama aýtsam ýok, siz üçin soňky granitsa Aşgabatdyr, wessalam diýipdi. O wagtlar arkaýyn Sowet Soýuzyň çäklerinde dokumentsiz okuw okap bolýardy, arman goýbermedi. Şeýdibem bärde Medinstitut okamaly boldum. Nemes dilem ýadymdan çykyp gitdi.” diýip, käwagt bazar günlerine hysyrdyly iş hepdesinden soň üýşülip uly süýtli çaý içişlikde gürrüň bererdi. Ol gürrüňden gürrüňe geçýänçä biziň galdyran ýumurtga menemenimizi güjüklerimiz halallaýardy.

Institutda ol iň sadasydy. “Medikler hemişe blatnoý bolýarlar-a bilýäňä, häzirem şeýle. Tüfli geýip leksiýa gatnaşýardylar. Täjik gyzlar has hem bezemendi. Ýadymda, bir gün blatnoý gyz 60 adamlyk auditoriýada sapak gidip durka gijä galyp geldi. Ýüzüni beýle halda hemmekimem birinji gezek görýärdi. Makiýaža bürenip gelerdi, şol gün ýüzünde zat ýokdy welin hemme oňa seredýärdi. Iň yza geçip oturdy. Leksiýa gutaranda seretsem edil öňküsi ýaly bolupdyr. Görlüp oturylsa sapak wagtynda ýüzüne gatbarlaryny çalyp oturan eken. Men bolsa hijem zat çalamýokdum. Babam ýaman sögerdi ýaş pilläk (wagtymyz) çalma diýip. Dodaklarym we ýaňaklarymyň özleri gyzaranda babam el ýaglyga tüýkürip süpürip görerdi. Elýaglyk şol ak reňkliligine yzyna dolananda ynanardy.”

Talyplyk döwrüni krasowka bilen geçirdi. Geljekki ýoldaşyny şol sadalygy bilen gözüni gamaşdyrdy. Ýoldaşy boljak ýigit jalaý we ugurtapyjydy. Ol köçe terbiýesinden kemala gelipdi. Kynçylyga duçar bolanda okap däl-de ýaşap öwrenen tejribeleri esasynda ýeňsesini halas etmegi başarýardy. Şonuň üçin dükanyň daşyndan aýlanyp öýüne gelýän birini alkymyna almak ol diýen kynam bolmandy…

Durmuş guranlaryndan soň Hatap obasynda gelinlik borjuny birnäçe ýyl ýerine ýetirdi. Ýoldaşy 7 doganyň 4-ünjisi. Iliň gepine gidip, has takygy uly bibisiniň (aýal doganynyň) “aýaly ilkinji gününden urup gözüniň oduny almaly, dil ýetirmez ýaly, tumşugy ýokarda bolmaz ýaly, hyzmat eder ýaly” diýen gyjalat beriji sözlerden soň ýokary bilimli gelnini pyşdyl suwdan gelýänçe ýenjerdi. “Almankam gülüm — alamsoň gulum” diýen adalga bar il arasynda, bu müňlerçe jübüt tarapyndan tassyklanan, şol san-da Akgül tarapyndan.

Ilki başda jübüdiň 3 ýyllap çagasy bolmandyr. Soňra gyzy bolanda ýoldaşy oglan däl diýip gyzyklanma bildirmändir. Dogum agyr geçip, çaga aglak bolupdyr. Gelini işletmäge bermejek derejede aglak. Ýoldaşynyň uly agasy aglamasyny bes etsin diýip bir gezeginde bäbege gara neşe ýaladypdyr. Tarpba sesi kesilen bäbek bir seredäýmäge süýji ukuda ýaly görnüpdir. Gelin şol gün arkaýyn işini edip bilipdir, gutaryp ýanyna barsa agzyndan ak köpürjik çykyp, ýüzi boz ak reňke öwrülip, gatap ýatan el ýaly bäbegi görüp ýüregi ýarylypdyr. Gaýyn enesi bilen bäbegiň agzyndan-u burnundan gruşa bilen suw goýberip, klizma edip, zordan açypdyrlar. Hassahana gitmäge bolsa gorkupdyrlar. “Şol güni asla unutman” diýip uludan demini aldy.

Wagt çatdy, bibisi we ýoldaşy Aşgabada gaýtmakda özara gyrlym başlady. Bibisi bularyň gitmän, bärde galmagy üçin herhili ýol synanyşdy. Ahyry kysmata kaýyl bolup, inisi bilen agzybirsiräp gezmegi ýüregine düwdi.

Işe ornaşyp, kireýine öý tapýançalar gyzyny enesi öýünde goýmaly bolupdy. Ýoldaşy maşgala eklenjine gatnaşmansoň Akgüliň özi baş alyp çykmaly bolupdy. Hassalaryndan birinde onkologiýa keseli bolup, ýygy-ýygydan agyry kesiji sanjym etdirmek üçin çagyrypdyr. Akgül gatnap, garry ors babulýa bilen gowy oňşup, onuň öýünde galmak teklibini kabul edipdir. Gyzyny obadan tragediýa şeklinde (oba durmuşyna örenişen, ilkinji mähri mama-babasyndan alan çaga üçin Aşgabat sowuk we agyr geldi) Aşgabada getirip düzgünini gurup ugrady. Ýoldaşyny tanyşynyň üsti bilen işe ýerleşdirdi. Özi işden giç geljek güni babulýa gyzyny sadiken aldy. Şeýdip, bir-birege arkalaşdylar. “Babulýany hiçkim ýuwundyrmaýardy. Özüniňem mejaly ýokdy. Men banýa salyp ýuwundyrardym, täze-arassa eşiklerini geýdirerdim welin hepdeläp sagbolsun aýdar oturardy” diýip çalaja kikirdedi. Soň bir gün ol maňa jaýyny öz adymyza geçirmegimizi aýtdy. “Öz çagalarymdan derek bolmady. Hemmesi neşe gurbany boldular. Siz maňa eýe çykdyňyz. Minnetdarlygymy kabul ediň.” diýip adymyza geçirtdi. Ana bizem Hudaý tarapyn jaýly bolup galdyk.” diýdi.

Ikinji bäbeginiň gyz boljagyny eşidende ýoldaşy “ýenemaý” manysynda närazylyk bildirdi. Oňa ogul gerekdi. Dogum juda agyr geçdi. Akgül iç ganama geçirdi. Ýanynda ýoldaşy ýokdy, dogan garyndaşlary bardy. Awasynyň şol gün saçlaryna ak düşüpdi. Ol biologiki ölümi ýaşapdy. Lukmanlar elinden gelenini edendigini, ýeke çäre özüniň göreşip yzyna gaýdyp gelmegidigini aýtdylar. “Men üşäp tir-tir titreýärdim. Endamym buz ýalydy. Hemme ýer garaňkydy. Soňra bir guýa iteklendim. Iki gapdaldan ýapyşyp ýokary çykjak bolýardym, diwarlar typançakdy, gara läbikdi. Meni bat bilen aşak çekýärdi bir güýç. Patylap düşdüm aşak. Ýenede üşeýän. Çydar ýaly däl. Hemme ýer tüm garaňky, çägi görünmeýän otagda men. Birden samalýoduň aýnasy ýaly ýerden yşyk geldi. Ýakynlaşyp, kellämi sokup görsem aňarsy ýyljajyk we juda ýagtydy. Haýwanlar, adamlar gezişip ýördüler. Hemme miweler, guşlar bardy. Häzirki bolýan ýerim bolsa sowuk we gözgynydy. Aňry tarapa geçmäge häzir bolup durkam bir ýerden doýgun ses eşidildi. “Eger ol tarapa geçseň yza ýol ýokdur. Ähli gapylar ýapylýandyr. Ýagşy oýlan.” Soňra yzymdan Nazar Babam peýda boldy, ýatan ýeri ýagty bolsun. Gözüm ýaşly oňa syn etdim. Nähili göresimiň gelýändigini aýtdym. Ol maňa burçda duran 4 setilleri (bedreleri) görkezip: “Akgül, toklym, bu setiller seret boş. Bulary doldurmagyň gerek. Eger geçseň bular yzyňda eýesiz, idegsiz galar. Sen gowsy bulary suwdan doldurda soň arkaýyn geliber” diýdi. Menem babamyň sözünden şu çaka çenli çykmandym, şol wagt hem hernäçe üşeýänem bolsam yzyma setillerimem alyp, läbik guýudan kynlyk bilen dyrmaşyp ýokary çykdym. Ýaman kösenip çykdym özem. Şol pursat hem gözümi açdym. Palatada Gözel uýam, enem dagylar oturan ekenler. Ärim ýokdy. Gaýynym dagylaram ýokdy.”

Akgül fiziki hem psihiki taýdan güýçlidi. Özi adalatlydy. Onuň üçin hassalarynyň alkyşlary berjek pulundan has möhümdi. Maşgala lukmany hökmünde gazanjyny gara der bilen gazanýardy. Ol adamlara, Hudaý hem oňa bagyş edýärdi. Rysgyny gazanyp, öýüne getirerdi. Päk göwnünden çykaryp beren hödür-keremlerem öýe getirerdi. Ýoldaşy bolsa “köçede işläp getirensiň bulary” diýip, psihiki zulum çekdirýärdi. Göwni pyçaklanan Akgül çagalarynyň geljegi üçin, olaryň ýetim ulalmazlygy üçin içine atar, göz ýaşlaryna kargo ýükläp ýere akdyrardy. Ýerem jaýrylmazlyk üçin çyrpynardy. “Hamyla wagtym juda nar iýesim gelipdi. Aýlygymyň soňky köpügine çenli beremsoň elimde harçlygym ýokdy, özüm alaýyn diýere. Şonda ol “Kalhozuň aýallary demini çykarman dogrup ýörler. Mesirgeme meň başyma” diýerdi. Uýam gizlinlik bilen getirer iýdirerdi.” diýdi.

“Üçünji çagasynyň erkekdigini bileni üçin uzista pul baryny seçipdi. Men bolsa Allaha eden dileglerimiň kabul bolanynyň begenjini ýaşaýardym. Dogulanda bolsa uly üýşmeleň edip, ile jar edipdi. Şeýdibem heniz çileden çykmanka bäbek köp kişiň nazaryna çaknyşdy. 3 aýlykdan soň tapynan nerwi keseli tä 5 ýaşaýança özüni we meni agşamlaryna ýatyrmaýardy. Ýoldaşym kömek etmegiň ýerine “ýumdur şoň agzyny planyňy pylan edeýin” diýip eýlesine öwrüler ýatady. Bäbek arkan gaýyşyp, dym-gyzyl bolup azap çekýärdi, azap berýärdi”. Hassahanalardan çykmaýan eje beýleki çagalarynyň adynam unudypdy, terbiýelemegem.

Ýoldaşy ikinji synp gyzynyň saçynam örüp bilmeýäni üçin bogup, mekdebe ugradardy. Ol bolsa zawuçdan şarpyk iýip, dogry formada gelmändigi üçin ýok ýerden almyt alardy.

Akgüliň dördünji çagasy 34 ýaşynda ýeňil doguldy. Onuň ulalanyny duýman hem galdy. Hatda ony başagaýlykda; toýlarda, myhmançylykda, hat-da awtobus duralgalarynda unudyp gidiberýän mahallaram bolýardy. Ýuwaş, aglak däl, garrap doglan bäbek maşgalada diňe gülkä we şatlyga sebäp boldy. Munuň üçin ol Biribara müň kerem şükür edýärdi.

Akgül it janlydy. Ol 5 narkozly operasiýany başdan geçiripdi. Ö:tden daşlar alynypdy, oňurgasy dikeldilipdi, önelge bölümi aýrylypdy, şeýle-de meşhur wirusdan 2 gezek agyr keselledi. Ol entek setilleriniň dolmadygyny bilýärdi. Olary doldurman gitse babasynyň gazabyna duçar boljagynam bilýardi. Şonuň üçin ol çeýe durýardy. Dyrjaşýardy, söweşýärdi.

Akgül öz ýalňyşlaryny çagalaryna gaýtalatmajak bolup jan edýärdi. Olar bilen gürrüňdeşlik geçirip, nesihat berip durýady. Birem daşky ynsanlara ynanmazlygy ündeýärdi. “Diňe ene-ata iň gowy dost bolup biler. Başga hiçkimiň ýüregi doly päk däldir” diýerdi. Ýoldaş saýlamakda-da gyzlaryna çintgäp-çintgäp akyl berýärdi. “Ilki okuw, iş, soň maşgala üns berilsede bor. Howluksaňyz ýalňyşarsyňyz. Sizi goldajak, sizi basmajak, parallel ýörejek kişi ahyry duşar. Okuw okap öz aýaklaryňyzyň üstünde dursaňyz, äre mätäç bolmarsyňyz. Barysynyň gany bir. Olaryň iň oňadynyň ýüzüne eşek depsin” diýip, bazar günüň çaý içişliginde hökman agzap geçerdi.

Gyzlary ýoldaşynyň tohumyna meňzäp sowatsyz bolmazlygy üçin saga-sola seredip, bilim merkezleri bilen gyzyklanyp, dil öwrederdi. Motiwasiýa berip, hyjuwlaryny daýym artdyrardy. Mekdepleri sada bolansoň daşyndan goldaw hökman gerekdigini bilýärdi. Ýokary synpa ýetenlerinde gyzlarynyň dile gyzygyp, özlerini taýýarlaýşyna syn edip buýsanardy. Iň ulusynyň sap bilimi bilen Aşgabatda dünýä ülňüleri bilen aýakdaş gidýän Uniwersiteta girendigi habaryny eşidip göge göterilipdi. Ýoldaşy bolsa taýýar aşyň eýesi bolup, netije bilen öwünmegi halaýardy.

Akgül keşt etmegi söýýär. Ol işinden uly rugsada çykanda daşary ýurtlara gatnap az-owlak söwda edýärdi. Türkiýe, Hindistan, Dubai, Özbegistan ýaly ýurtlara kämahal joralary bilen gitse, käte ýoldaşyny alyp gidýärdi. Ol baran döwletiniň syýahatçylaryna berip biljek mümkinçilikleriniň ählisini peýdalanjakdy. Emma, ýoldaşlary özi ýaly höwesek däldi. Zor bilen süýräp, olary ýanyna tirkeýärdi. Bahana bilen şähdi açylýardy. Ýol hernäçe surnukdyryjy bolsa-da, öýe dolananynda ruhunda uly joşgun we ýaşamaga bolan höwes gaýnap joşýardy.

Şeýle-de, Akgül gaýratly zenan. Ol öýünde boş oturyp bilmeýär. Oňurga süňküniň biline ýakyn ýerinde kiçi gryža döränligi sebäpli, tutuş aýagynyň çet tarapyna berýän yzasyny 10 sagatlyk köşeşdiriji derman atyp, eline pil alar, mellekde ony-muny eker, towuklaryny iýmlär, şifoneriň gapylaryny ýaglar, döwügi bolsa bejerer, diwara çüý kakar, nahar bişirer. Ony operasiýa etdirse, bi:linden aşagy ysmaz bolup galma töwekgelçiliginem göz öňüne tutmaly bolýar. Häzirlikçe bu çözgüt däl.

Ýakynda Akgüliň ikinji gyzy düýpli taýýarlykdan soň gazanan okuwyna tarap ýoly açyldy. Ýolagçylyk uzakdy, materikden aşmalydy, ugur ABŞ-dy. Ilkinji gezek çagasyndan uzak möhletleýin yrak düşýänligi üçin ýüregine tegmil düşüpdi. Emma özgerişe böwet boljak däldi, sabyr etmelidi. Gazanan üstünligine busanyp ýöreýärdi. Çünki ol güýçlidi.

Ýekesiretmezlik üçin uly gyzy onuň bilen şoppinge gidýär, kafede iýip-içýär, ýörişlere gidýär, we onuň şol bir wakalary öwran-öwran gaýtalaýan geçmiş ýatlamalaryny birinji gezek eşidýän dek gyzyklanma bilen reaksiýa berýär. Çünki onuň iň uly arzuwyny amal etmek üçin çekmeli zähmetiniň kändigini aňýar.

Hudaý ähli zady deňagramly döredýär. Akgül urp-adatlaryny, terbiýesini, edep-ekramyny, ahlagyny, medeniýetini, nebsi isleglerini we egosyny şol deňagramlylyga sygdyrmagy başaran zenan. Bugün, bu güýçli hatynyň durmuşda ýaşan kynçylyklaryny, ony nädip ýeňip geçendigini beýan etmegi, ol hakda ýazmagy borjum hasaplaýan.

Çünki ol meniň ejem. Meniň monjuk gözlim.

Akgül / 13.12.2021

--

--