Arap-Türkmen sözlük ideýasynyň arka sahnasy

Ayjemal Gurbanova
2 min readAug 14, 2022

Eýýäm arap diliniň täzeden başyna geçenime bir aý doldy. Öň 2017–18-nji ýyllar aralygynda okan-da bolsam, häli-şindi mugallymlaryň çalşyp, herkim öz ders hökümini sürdürensoň kelläm hum ýaly çişdi, höwesim gaçdy. Gowsy “narmalny” birini tapýançam dowam etmegi goýbolsyn etdim. Ine, nesibeli gün meni tapdy.

Bereket Abaýew — ýaş, işeňňir, täzeçil, özüne göwni ýetýän lingwist. Mugallymçylygy gowy göreni üçin saýlady, çünki oňa mylakatlylyk mahsus we onda sabyr umman ýaly. Azady adyndaky diller istitutyny, şol sanda Müsüriň dil boýunça çuňlaşdyrylan akademiýasyny onlaýn 2019-njy ýylda üstünlikli tamamlady. Käriniň eýesi kişi, üstesine-de taryhy “ýuwudan” adam bilen söhbetdeşligem başgaça. Iň halaýan tarapym, sapaklarynda täze sözleri şol wagt berkidýär. Çünki öýe berilse ýat tutulmajagyny 97% bilýär. Ýakynda paýlaşan täzeligi, mende şol taslamany dikeltme duýgusyny oýandyrdy.

Talyplyk döwründe H.K.Baranowyň 42.000 söz-jümleli tutuş sözlük kitabyny 2.5 ýylda jemi 1.200 A4 kagyzy dolduryp türkmen diline terjime edipdir.

Harlampiý Karpowiç Baranow 1892–1980 aralygynda ýaşan rus-sowet arap alymy, Moskwa Arap mekdebiniň esaslandyryjysy, 50 ýylyny sarp edip tamamlan Arap-Rus sözlügini düzüji professor.

- Keýpine terjime etdiňizmi? Wagtyňyz köpmüdi? Näme sebäp boldy?

- Aý ýok, keýpine-hä däl. Ýolbaşçy mugallymym itergi berdi, ýeke özüm oturyp işledim. Kitap bolup çykmalydy, çykmady. Indem ýatyr, kim gerek diýse berip ýörün, wessalam. Ýöne iki zady endige saldym; arapça klawýaturada ýazmagy ýatdan öwrendim, orsça söz baýltgym görnetin baýady.

- Software geçirsek näder? Telefonda arkaýyn ulanyp bilerler ýaly?

- Ajap bolar.

Kagyz ýüzünde bolandygyny göz öňüne tutsak, köp ulanyjylar bu çeşmeden mahrum galýar. Applikasiýa salynsa, hemmekime elýeterli bolardy. Play Market näme hödür ederkä diýip gözletsem, ynha şu çykdy (https://bit.ly/tm-arb-dictionary). Androidyň köne wersiýasy üçin niýetlenen bu priloženiýa iň soňky gezek 2016-njy ýylda täzelenipdir. Front-end interfeýsini ýaman çylşyrymly gördüm, ulanyş yzygiderliligi kyn, harp ýazýaň söz çykanok. Oýun bölümçesini dagy paçagy bilen zibile zyňmaly. Kämil sözler tapylanok, a birden a:lym girip ulanjak diýse näme?!

Gepiň tümmegi, App Developerlere ýüzlenmek isleýärin! Bu taslama Bereket bilen men dahylly öz goşandyňyzy goşaý diýseňiz guk diýip bilersiňiz. Bu taslama maliýe taýdan girdeýjisiz, meýletindir. Ýöne näme, bir şerekete bähbitli gaznalaşdyrylyp bolsa, tekliplere açykdyrys.

Jemgyýete şeýle sowgady bermegiň aňryujy ýürek üçin bähbidiniň kändigini kepil geçip bilerin. Meniň bu taslamadaky ornum, tekstleriň we terjimäniň häzirkizaman ulanylşy, gündelik gepleşige ýakyndygyna gözegçilik etmek, interfeýsiniň göze ýakymly we ulanyjy tarapdarly bolmagyny sazlamakdan ybarat. Şeýle-de, eden işimiziň CV’myzda owadan nagyşly orun aljagyny güwä geçip bilerin.

Bereket mugallym bilen habarlaşaýyn diýseňiz beroarabic@mail.ru

Tanyş-biliş, oglan-uşak, ýaş-ýeleň ýa-da Özüňiz isleg bildirseňiz, gapymyz açyk, törümiz ýazylgy, garpyzlar kesilgi garaşyp durandyr!

Applikasiýanyň daşky görnüşi

--

--